Nesillere nusgalyk miras

5 Aprel 2021
1708

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňur çemeleşilip, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiz barada maglumatlary toplamaklyga we halkymyza giňden wagyz etmeklige ähli mümkinçilikler döredildi. Şunda türkmen we hindi halkynyň taryhynda, şeýle hem Orta asyr Aziýa döwletleriniň ençemesiniň taryhynda öçmejek yz goýan Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuş ýolunyň çuňňur öwrenilmegi babatda amal edilýän işler aýratyn buýsandyryjydyr.

Görnükli döwlet işgäri, serkerde şahyr, halkymyza mahsus ajaýyp häsiýetleri bilen adygan Baýram han Türkmeniň taryhda bitiren hyzmatlary ýaşlarymyzy watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk, çuňňur pelsepewi danalyk, adalat ugrunda göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan ynsanperwerlik ýörelgeleri doly beýan tapypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmen edebiýatynyň Hindistandaky görnükli wekilleriniň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Baýram han türkmen we hindi halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny gözel, nepis, ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, iki doganlyk halkyň arzyly oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini jahana ýaýýan beýik söz ussadydyr». Baýram han 1526-njy ýylda Zahyreddin Muhammet Babyr tarapyndan esaslandyrylan Mogollar döwletinde görnükli orun eýelän türkmen şahsyýetiniň biridir. Baýram han Türkmen takmynan, 1498-nji ýylda Badahşanda dünýä inipdir. Ol ýaşlygyndan türkmen, pars dillerini gowy öwrenipdir, harby sungaty kemsiz ele alypdyr. Baýram Babyryň ogly Humaýuna terbiýeçi bellenipdir we ol bu ynamy doly ödäpdir. Humaýun tagta çykan badyna bolsa ol wezir bellenipdir. 1530 — 1555-nji ýyllarda Mogollar döwletine dargamak howpy abanypdyr. Baýram hanyň parasatly maslahatlary boýunça Mogollar sefewiler bilen täzeden syýasy gatnaşyklary ýola goýupdyrlar.

Maýagözel SAHYDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.