Möhüm pudak

4 Aprel 2021
932

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan jemgyýetiň we aýry-aýry raýatlaryň bähbitlerini nazarlaýan tutumlary durmuşa geçirmäge, aýratyn hem, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Ýurduň öz haryt öndürijilerine goldaw bermegi esasynda, içerki bazary ösdürmäge, ýeterlik derejede bäsleşik gurşawyny döretmäge hem uly üns gönükdirilýär. Ýöredilýän döwlet syýasaty, ýurduň köpugurly ykdysady kuwwaty ägirt uly wezipeleri çözmäge hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik tutumlar, ösen tehnologiýalara esaslanýan ykdysady özgertmeler, «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýola goýlan özara bähbitli, oňyn halkara hyzmatdaşlygy belent üstünlikleri nazarlaýan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň abraý bilen amala aşyrylmagynyň berk binýadydyr. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň aýratynlygy häzirki döwürde milli hojalyk mehanizminiň köp babatda daşary ykdysady gatnaşyklary, döwletara söwda alyş-çalşygy bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ykdysady giňişligine ornaşmak prosesine işjeň gatnaşýar.

Gurbangözel AKMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.