Täzelikler

2 Aprel 2021
922

«Saglyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, lebaply hususyýetçi Zerhal Narmämmedowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň telekeçisi ― 2020» bäsleşiginiň «Ýylyň telekeçi zenany» ugry boýunça ýeňiji boldy.

Ol bu ugruň baýragyny Daşoguz welaýatyndan Baýramgül Ýagmyrowa, Marydan Oguloraz Hudaýgulyýewa, Balkan welaýatyndan Baýramgül Aşyrowa we Ahal welaýatyndan Aýgözel Toýçyýewa bilen paýlaşdy. Bäsleşigiň ýeňijileri birleşmäniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly serginiň jemleýji gününde yglan edildi.
* * *
«Türkmenawtoulag» agentliginiň kärhanalarynyň arasynda geçen ýylda gazanan netijeleri boýunça «Ýylyň göreldeli kärhanasy» adyna eýe bolan «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler.