Maýa goýumlar — ösüşiň möhüm şerti

31 Mart 2021
994

Milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryň işjeň çekilmegi we maýa goýumlaryň höweslendirilmegi hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagyna, daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, senagatlaşmanyň depgininiň güýçlenmegine, durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşmegini nazarlaýan bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň ykdysadyýetiň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçilmeginiň barşynda maýa goýumlaryna möhüm orun degişli edildi. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty erkin bazar ykdysady gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ileri tutmak, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, halkara söwda, ylmy-tehniki we durmuş-ykdysady aragatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan innowasion usullar toplumyny berkitmek üçin milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň barha artmagyna itergi berer.

Gülnabat AMANOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.