Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

17 Mart 2021
1598

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň dünýä möçberinde ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmeginiň esasy ýoly hasaplanylýar. Bu ugurdaky düýpli özgerişlikleri «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky alyp barýan işleriniň mysalynda hem görmek bolýar.

«Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy gündogar sebitde hormatly Prezidentimiziň kommunikasiýalar ulgamy syýasatyny, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky işleri durmuşa geçirýän, şeýle hem bu ugurdaky işlere gözegçiligi amala aşyrýan kärhana bolup durýar. Kärhana hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hemme ýerde kompýuterleşdirmek işiniň ösdürilmegine hem-de dünýäniň aragatnaşyk ulgamyndaky tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt özleşdirmegini, şeýle hem kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns bermegi talap edýär. Kommunikasion pudagyň geljegi internet platformalar, bulutly serwisler, 5G ulgamyna, Big Data tehnologiýasyna geçmek, ykjam maliýe we beýleki düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu tehnologiýalary ornaşdyrmakda welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň elektron önümleri, şol sanda Hytaýyň «Huawei», Sloweniýanyň «NGN Iskratel» kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary giňden ulanylýar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.