Ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant

15 Mart 2021
1253

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşlerini ornaşdyrmak we çekilen serişdeleri işjeň ulanmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde, töleg kartlaryny, halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmakda, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak boýunça uly işler edildi. Bularyň ählisi sanly ykdysady ulgama geçmegiň esasyny berkitdi.

Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegi bilen bank hyzmatlarynyň ähmiýeti has ýokarlanýar. Nagt däl hasaplaşyklar has uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Islendik ýerde, hatda ykjam telefonlar arkaly hiç ýere barmazdan islendik hyzmatdan peýdalanmak mümkinçiligi artýar. Müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, ýagny internet bank, mobil bank hyzmatlary ýerine ýetirilýärkä hem şahsyýeti anyklamak tertibi ýola goýuldy. Bank ulgamynda täze iş usullaryny ornaşdyrmak ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär.

Jumamyrat WELLEKOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabatlar bölüminiň başlygy — baş buhgalteri.