Bedew batly ösüşleriň Watany

15 Mart 2021
821

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi. Aýratyn hem, ylym-bilim, saglygy goraýyş, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýangyç-energetika ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň ençemesi kabul edildi we häzirki wagtda üstünlikli berjaý edilýär. Bu bolsa mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döwlet serişdeleriniň, kärhanalaryň, şonuň ýaly-da, daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ygtybarly hem-de çalt özüni ödeýän maýa goýum çeşmesi hökmünde adam mümkinçiliklerini ösdürmäge goýberilýän serişdeler ýurdumyzyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ählisiniň hem dünýäde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, dünýäniň iň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen häzirki zaman kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi milli önümçiligiň kuwwatyny has-da artdyrýar, öndürilýän önümleriň ýokary hilli we ýeterlik mukdarda öndürilmegini üpjün edýär. Bu bolsa eksportyň mukdaryny köpeltmäge, importyň möçberini azaltmaga uly ýardam edýär.

Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpgöter özgerdi, olar ähli amatlyklary bolan täze gurlan ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri we medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, sport desgalary we beýleki ykdysady, medeni-durmuş desgalar bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Gurbanmyrat GARAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.