Hyzmatyň hili yhlasa bagly

15 Mart 2021
1476

Ata Watanymyz Türkmenistan iri energetika döwletleriniň hatarynda ählumumy ykrarnama eýe bolan ýurtdur. Bu ulgamy täze belentliklere göterýän giň gerimli özgertmeler watandaşlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji fewralynda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan belent wezipelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň önümçilik kärhanalarynda hem şu günler döwrebap işler bitirilýär. Müdirligiň Balkan welaýatyndaky Serdar nebit önümleri kärhanasynda bitirilýän döwrebap işler bellenilmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze gurlan kärhanada iş ýerleriniň tämizligini, enjamlaryň kadaly işlemegini we zähmet goraglylygyny ygtybarly üpjün etmek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Kärhananyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär. Ýangyçlardyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri pugta berjaý edilýär. Aslynda, Serdar nebit önümleri kärhanasy müdirligiň düzümindäki ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Serdar şäherindäki, şonuň ýaly-da, Magtymguly, Bereket etraplaryndaky şahsy eýeçilikdäki ulag serişdeleriniň sany bu gün onlarça müňe ýetýär. Hususy eýeçilikdäki ulag serişdelerini ýangyç, çalgy ýaglarydyr gaýry nebit önümleri bilen üpjün etmek hem şu kärhananyň paýyna düşýär. Döwletimiziň edara-kärhanalaryndaky ulaglaryň sany has hem köp. Daşary ýurtlardan biziň ýurdumyza, şonuň ýaly-da goňşy döwletlere üstaşyr ýük daşaýan ulaglaryň sany hem barha artýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.