Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi

12 Mart 2021
1811

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýda taýýarlyk görülýär.