Milli nagyşlarymyz sünnäden-sünnä, oňa haýran galyp, syn eder dünýä!

10 Mart 2021
896

Dünýä ýüzüniň milletlerini biri-birinden tapawutlandyrýan, olaryň ruhy we medeni aýratynlyklaryny aňladýan gymmatlyklaryň biri-de, milli nagyşly milli lybaslardyr. Haýsy halky alsaň, alyp göräýmeli, milli lybasy bolmadyk halk ýok. Islendik halk hem, häzirki wagtda nähili ösen derejä ýetendigine garamazdan, ilki bilen el güýjünde öndürilen lybasyny geýip, dünýä çykypdyr. Iň gyzykly ýeri-de, halklar häli-häzirlerem döwrebap lybaslar bilen däl-de, milli lybaslary bilen tapawutlanýar. Diýmek, milletiň milliligini aňladýan milli nagyşly lybaslary näçe dabaralandyrsaň, halkyň taryhy, şu güni we geçmişi-de şonça belent derejä ýetjek ekeni...

Şeýle pikirleri seriňde aýlap oturyşyňa, hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk döwrümiziň dokma senagatyny ösdürmek, bu pudakda öndürilýän önümlere milli nagyşlarymyz arkaly häzirki zaman öwüşginini çaýmak, özi-de, ony mümkin boldugyndan ýokary hilde öndürip, dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky irginsiz tagallalarynyň nähili uly maksatdan gözbaş alýan ekendigine düşünip, öz ýanyňdan örän buýsanýarsyň.

Aýgül GARAÝEWA,
«Esger».