Buýsançly mirasymyz

16 Fewral 2021
2850

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilde milli medeni mirasymyza, ata-baba gelýän asylly däp-dessurlarymyza, taryhy-medeni ýadygärliklerimize söýgi döretmekde geçirilýän medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna gezelenjiň guralmagy, ol ýerde taryhy öwrenijiler bilen duşuşyklaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Taryhy ýadygärlikde bolýan her gezekki duşuşyk täze taryhy tapyndylar bilen tanyşmaga, arheologlar bilen söhbetdeş bolmaga hem-de gymmatly maglumatlary toplamaga uly mümkinçilik berýär. Golaýda bu ýerde guralan duşuşykda ýaş mugallymlar, çagalar baglarynyň usulyýetçi-pedagoglary bolup, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň baş hünärmeni, alym-arheolog, taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew bilen söhbetdeş bolduk. Şonda taryhçy alym orta asyr Abiwerdiň daşky gala diwarlarynda, şeýle hem galanyň günorta-gündogar çäginde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleri, olaryň netijeleri barada gyzykly gürrüň berdi.

Akjagül ÖWEZOWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 6-njy çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy.