Eksport — telekeçiligiň möhüm ugry

10 Fewral 2021
1020

Ýakynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz degişli düzümleriň öňünde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri goýdy we haryt bolçulygyny döretmekde, ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde hususy kärhanalaryň, telekeçileriň ornunyň uludygyny nygtady. Häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýy 70 göterime barabardyr we bu görkeziji ýubileý ýylynda ýene-de artdyrylmalydyr.

Şeýle guwandyryjy görkezijileriň aňyrsynda milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrundaky yzygiderli aladalarynyň durandygyny biz gowy bilýäris. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri üçin döredilýän giň mümkinçilikler olaryň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli işlemekleri üçin oňyn şertleri döredýär. Muny oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda edilýän aladalarda hem aýdyň görýäris. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleri yzygiderli bölünip berilýär. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan azyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmaga giň ýol açdy.

Jelaletdin BEŞIMOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň esasy hünärmeni.