Ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini üpjün etmek häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir

8 Fewral 2021
876

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Milli Liderimiz şu günki iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

«Daşoguz habarlary».