Belent binalaryň artýar hatary

5 Fewral 2021
866

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — geljekki desgalaryň inžener-tehniki taýdan üpjünçiliginden we bezeginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe berk gözegçilikde saklaýar.

Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça iş saparlarynyň barşynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, döwlet Baştutanymyz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli meselelerine berk üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.

Ýörite habarçymyz.