Nebitgaz toplumynyň netijeliligi ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyny üpjün eder

4 Fewral 2021
866

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ilki bilen Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berildi. Konserniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Daşoguz habarlary».