Müşderi-bank gatnaşyklary kämilleşdirilýär

27 Ýanwar 2021
1229

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak, müşderilere sanly tehnologiýalara esaslanýan bank hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda bankyň «Altyn Asyr» bank kartyny ulanyjy müşderilerine hödürleýän döwrebap «Internet-bank», «Mobil-bank», «Cash back» we «Owerdraft» hyzmatlaryny görkezmek bolar.

Bank kart hasaplaryny «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdiren müşderiler internet toruna birleşdirilen kompýuteriň, ykjam telefonyň ýa-da planşediň üsti bilen bankyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler. Olar bu hyzmatlar arkaly karzyň esasy bergisini, onuň göterimlerini tölemäge, öý, öýjükli telefonlaryň, IP telewizorlaryň we internetiň hasabyny doldurmaga, ýurdumyzyň teatrlaryndaky sahna oýunlaryna tomaşa etmek üçin «www.turkmenteatrlary.gov.tm» internet sahypasyndan elektron petekleri satyn almaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle hem bu hyzmatlar arkaly bank kartynyň galyndysyny barlamak, geçirilen amallaryň taryhyny görmek, «Altyn Asyr» bank karty ýitirilen ýagdaýynda kart hasabyny özbaşdak togtatmak we beýleki amallar mümkindir. Müşderiler bu hyzmatlary «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «www.tnk.tm» resmi internet sahypasyna girmek bilen ýa-da «Mobil-bank» maglumat üpjünçiligini ykjam telefonyna ornaşdyrmak arkaly özbaşdak peýdalanyp bilýärler.

Şöhrat MÄTIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.