Milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty ýokarlanýar

27 Ýanwar 2021
1314

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öndengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde uly ösüş gazanylýar, düýpli sepgitlere ýetilýär. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryň artmagy jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ol belli bir hojalyk subýektine goýlan maýa goýumyň netijesinde, şol subýektiň önümçiliginiň ýokarlanmagyna hem uly ýardam edýär. Maýa goýumlaryny çekmek we olary netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän we içinde özleşdirilýän maýa goýumlar, bularyň ikisi hem, halkyň bähbidine, abadan ýaşaýşyna, milli ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirlendir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etdi. Bu kabul edilen Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy ulgamyň paýy hem uly boldy. Hususy ulgamyň wekilleri senagat kärhanalaryň döredilmegine, häzirki zaman döwrebap önümçilikleriň, söwda merkezleriniň, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde yzygiderli açylyp ulanmaga berlen täze ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.