Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm ugry

26 Ýanwar 2021
1441

Ählumumy ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek üçin döwrebap işler toplumlaýyn ýola goýuldy. Eziz Diýarymyzy döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak arkaly belent sepgitlere ýetmegi möhüm wezipe edip goýdy. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalara daýanyp ösýän dünýä hojalygynda sanly özgertmelere bagly bolmadyk pudaklar azalýar. Döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň giňişleýin peýdalanylýan döwründe sanly ykdysadyýet hem-de maglumat jemgyýeti birleşip, täze durmuş-ykdysady ulgamyny emele getirýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Ol ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksady hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” esaslanýar. Munuň özi ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdan, ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmeleri ylmy-tehniki hem-de intellektual taýdan goldamakdan, ylmy we innowasiýa işlerini has netijeli guramakdan ybaratdyr. Toplumlaýyn alnyp barylýan işler ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga şert döredýär. Şonuň bilen birlikde, içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, döwrebap tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär.

Rustam ATAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.