Burawlaýjylaryň üstünligi

26 Ýanwar 2021
1344

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesini mynasyp iş görkezijilerine beslemek «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmet toparynyň baş maksady bolup durýar. Esenguly etrabynyň çägindäki tebigy ojaklarda gazuw işlerini alyp barýan müdirligiň burawlaýjylarynyň geçen ýylda ulanyş hem-de gözleg maksatly guýularyň 19-syny önümçilige tabşyrmaklary şeýle arzyly sepgide ýetmegiň berk binýady bolup durýar. Munuň özi iş meýilnamasynda göz öňünde tutulandan 2 guýy köpdür. Burawlaýjylar şeýle iş netijesini gazanmak üçin gürrüňi edilýän döwürde 49 müň 755 metr ýerasty çuňluk geçmeli boldular.