Birža täzelikleri

25 Ýanwar 2021
1038

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

(TDH).