Energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

22 Ýanwar 2021
1018

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam goýdy. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen wakalar Garaşsyz ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň ilkinji gadamlary möhüm wakalaryň birnäçesine beslendi. Şol wakalaryň hatarynda 21-nji ýanwarda, Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübärekläp, resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň beýan edilýändigine kanagatlanma bildirdiler.