Döwrebap özgertmeler

22 Ýanwar 2021
1310

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek boýunça indi birnäçe gün bäri ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda geçirilip gelinýän maslahatlaryň jemleýjisi düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde boldy.

Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahata ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda ata Watanymyzyň täze taryhy döwürde ýeten belent sepgitleri buýsanç bilen wasp edildi.

Kerim MYRADOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.