Maýa goýumyň ykdysadyýetdäki orny

20 Ýanwar 2021
981

Berkarar ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, agzybirlik, jebislik ýaly milli demokratik ýol-ýörelgeler döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna öwrüldi. Bu bolsa dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Türkmenistan bilen demokratik gatnaşyklary ýola goýýan ýurtlaryň sany barha artýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen günlerinden başlap, döwletimiziň baş ykdysady ýörelgesi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumyň depginini güýçlendirmäge, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, pul-karz, salgyt-býujet, nyrhlar syýasatyna täze usullary ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamaga gönükdirildi.

Aýgül TEMIROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.