Jahana ýaň salan wakalar

18 Ýanwar 2021
1124

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdede Lebap welaýatyna iş sapary üstünlikli hem-de örän netijeli boldy. Şol günlerde diňe bir welaýatyň ýa-da ýurdumyzyň durmuşynda däl, eýsem, halkara ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçdi. Saparyň birinji gününde, ýagny geçen hepdäniň penşenbe güni Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

«Aşgabat».