Durnukly ösüşiň miweleri

18 Ýanwar 2021
1099

Täze — 2021-nji ýylymyz turuwbaşdan şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyran günleri sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge, goňşy we beýleki ýurtlar bilen biri-birine ynanyşmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina şäherinden Andhoýa çenli uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýol, Kerkiden Şibirgana çenli 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şonuň ýaly-da Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy ugry boýunça optiki-süýümli halkara ulgam, «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi.

Bu şanly wakalar sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek arkaly parahatçylygy berkitmek boýunça asylly başlangyçlary öňe sürýän ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän Türkmenistanyň Owganystanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegi nazarlaýan taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge ugrukdyrýandygyny görkezýär. Munuň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, parahatçylygyň berkidilmegine ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän «mawy ýangyjyň» mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Dostlukly ýurda akdyrylýan gazyň möçberiniň artdyrylmagy bolsa iki döwlet üçin hem bähbitlidir.

Şöwket KERIMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.