Ojaga — ot, ýürege — ýalkym

16 Ýanwar 2021
1418

Wagta emriň ýetse, ony biraz saklap, taryha şan berýän günleriň lezzetini ine-gana duýasyň gelýär. Ýöne oňa onuň özünden başga höküm ýöredýän ýok. Şeýle-de bolsa, taryhy günleriň ýakymy terliginde, täzeliginde gursagyňda hemişelik ýaşaýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem, turuwbaşdan, ykbal özgerdiji beýik işlere, ynsanperwer başlangyçlara, hakydalara däl, ýüreklere, kalplara ýazylýan ajaýyp wakalara beslenýär. Düýn hem şeýle taryhy günleriň biri boldy. Kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu taryhy wakanyň şaýatlarynyň hem-de bagtyýar watandaşlarymyzyň ýüregine gyşyň ortaky aýynda ýazyň ýylysyny berdi.

Şatlyk GULMYRADOW,
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň inženeri:

Ýazga geçiren Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.