Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky goýumlary halkymyza hödürleýär:

15 Ýanwar 2021
1657

1. «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk.

2. «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.