Guwandyryjy netijeler

14 Ýanwar 2021
1377

HYRYDARLY ÖNÜMLER

Bäherden etrabynyň «Bäherden» tikin fabrigi tamamlanan ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ol ýerde 9 million 497 müň 605 manatlyk iş edilip, bu babatda ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 114,2 göterim ösüş gazanyldy. Munuň özi fabrikde ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň pul möçberindäki görkezijileriniň ep-esli artandygyny aňladýar.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.