Halkara bähbitleriň sazlaşygy

14 Ýanwar 2021
1474

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Eziz Diýarymyzda obadyr şäherleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysadyýetiiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanyp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär.

Bahar REJEPOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.