Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilikler

14 Ýanwar 2021
1643

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, durmuş-ykdysady ulgamyň ähli ugurlarynyň täze tehnologiýalar esasynda sanly ulgama yzygiderli geçirilmegi babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Türkmenistanyň Arbitraž, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda elektron gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň elektron hukuk maglumat binýady we ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasy döredildi.

Gülröwşen ANNAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy.