Nebitgazly Watanym

14 Ýanwar 2021
1493

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni mähriban Arkadagymyzyň Türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça täzeçil oňyn başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ynamly şaýatlyk edýän, ýatda galyjy ajaýyp wakalara beslenýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi hem-de mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň wajyp ugrudyr.

Uglewodorod mal serişdeleriniň ägirt baý gorlaryna eýe bolan döwletimiziň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumy öňdäki orny eýeleýär. Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň innowasion taýdan ösüşini üpjün edýär, Diýarymyzyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Halkara bileleşiginiň tagallalary üçünji müňýyllygyň şol maksadyna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş babatda gün tertibine» laýyklykda ýetmäge gönükdirilendir.