Belent sepgitleri nazarlaýan pudak

12 Ýanwar 2021
1128

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, bu babatda ýurdumyzyň köptaraply mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga şertleri üpjün edýär. Düýp özeninde ýurdumyzyň ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlar jemlenen bu özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde hususy pudagyň goşýan saldamly goşandy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz berkarar Diýarymyzyň ykdysadyýetini köpugurly hem-de toplumlaýyn ösdürmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň sazlaşykly ösüşini gazanmakda, daşarky bazarlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda, bäsleşige ukyply önümçiligi kemala getirmekde hususy pudagyň ornuna uly ähmiýet berýär. Hususy işewürleriň bu babatdaky mümkinçilikleriniň işjeň herekete girizilmegi üçin döwlet derejesinde ählitaraplaýyn goldaw-hemaýatlary berip, zerur bolan şertleri döredýär.

Gahryman Prezidentimiziň şeýle aladalarynyň, berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly, netijeli ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilip, uzak möhletleýin maksatnamalar işlenilip taýýarlanyldy. Olaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bolsa has-da guwandyrýar. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan hususy işewürler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, halkymyzyň bolelin durmuşyny gazanmakda alnyp barylýan tutumlara mynasyp goşant goşmakda mähriban Prezidentimiziň ýokary bahasyna mynasyp bolýan işleri üstünlikli alyp barýarlar.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».