Gadymy galalar

7 Ýanwar 2021
3592

Ýergala — Gökdepe demir ýol menzilinden günbatarda ýerleşýär. Daşky alamatlary boýunça Ýergala uly bolmadyk berkitmäniň harabalygydyr. Galanyň diwarlary ýumrulyp, seňňere öwrülipdir, onuň ortasynda giň çöketlik bar. Depäniň gurluşy taraplary 49x49 metr bolan inedördül görnüşlidir. Günorta-günbatar tarapynyň ortasynda giçki döwürde gazylan garym arkaly zaýalanan girelgäni görmek bolýar, diwarlary pagsadan galdyrylyp, onuň esasynyň ini 1,8 m, ýokarsy ep-esli inçelýär. Daşky görnüşinden çen tutsaň, diwarlarynyň beýikligi, takmynan, 3 metr bolupdyr. Häzirki wagtda olaryň beýikligi 1,3 metrden geçmeýär. Berkitmäniň burçlarynda süýri görnüşli diňler gurlupdyr. Galanyň içinde hiç hili desganyň yzlary görünmeýär. Onuň ortasyndaky medeni gatlagyň galyňlygy bary-ýogy 20-30 santimetr bolup, içinde arheologiýa tapyndylar juda az duşýar. Tapylan küýze önümleriniň böleklerini iki topara bölmek mümkin. Birinji toparyň gap-gaç bölekleriniň ýaşy iki müň ýyla golaý, ikinji topardakylaryňky iki-üç asyryň çäklerindedir hem-de berkitmäniň döwri bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Onuň senesi XVII — XIX asyrlar bilen kesgitlenilýär.

Köne Ahal — Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz obasynyň çäklerinde ýerleşýär. Ylmy edebiýatda ol Kümmetliýaýla ady bilen hem duşýar. Galanyň daşyna pagsadan galdyrylan beýik diwar aýlanypdyr. Gala diwary gönüburçly görnüşde gurlup, alty sany diň bilen berkidilipdir. Galanyň içinde ýaşaýyş jaýlary we dini desgalary bolupdyr. Onçakly giň bolmadyk howlularyň daşyna haýat aýlanyp, içinde köp bolmadyk ýaşaýyş we hojalyk jaýlary ýerleşipdir. Dini desgalaryň toplumy dokuz gümmezli medreseden we iki sany aramgähden ybarat bolupdyr. Tapylan küýze önümleri we desgalaryň binagärlik alamatlary boýunça gala XVII — XIX asyrlar bilen senelenýär.

Allaguly Berdiýewiň «Günorta Türkmenistanyň XVI — XVIII asyrlardaky maddy medeniýeti» atly kitaby boýunça taýýarlandy.