Çagalaryň sagdyn we bagtyýar geljegi ugrunda

19 Dekabr 2024
124

Çagalar — biziň geljegimiz, ýurdy has-da beýik sepgitlere ýetirjek, merdana pederlerimizden miras galan mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özerkliligini gorap saklajak nesillerimiz. Her bir halka mahsus bolşy ýaly, türkmenlerde hem körpe çaga, perzent durmuşyň gülüne, altyn aşyga deňelýär. Olar aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalýar. Bu barada halkymyzda «Çagaly öý — bazar» diýen dürdäne söz hem bar. Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda öý-ojak, maşgala mukaddesligi, ene-ata bilen perzentleriň arasyndaky mähribanlyk kökeni barada: «Ata-ene öýüň mähir ojagydyr. Perzentler onuň mähir alawydyr» diýýär.

Ine, «mawy» ekran arkaly Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde garalan meseleler, kabul edilen çözgütler bilen tanşanymdan soňra şeýle oýlara berildim. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gazna tarapyndan tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda bitirilen işler barada hasabatlary diňlemegi, düzümiň işini has-da kämilleşdirmek barada çözgütleriň kabul edilmegi bu haýyr-yhsan işleriň geriminiň has-da giňeldiljekdiginden, kämilleşdiriljekdiginden habar berýär. Şeýle pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çykyşynda aýdan bir jümlesi hakydaňa berk ornaýar, ol hem Milli Liderimiziň: «Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr» diýen sözleri!

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».