Öňdebaryjy kärhanada

19 Dekabr 2024
91

Ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde önümçilik meýilnamalary aýma-aý üstünlikli ýerine ýetirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem oňa göz ýetirmek bolýar. Fabrigiň işçi-hünärmenleriniň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 156 million 256 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 154,45 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär.

Kuwwaty ýylda nah ýüplügiň 8100 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy kärhanada, esasan-da, 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler öndürilýär. Şanly ýylymyzyň başyndan bäri bu ýerde öndürilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply ýüplükler sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.