Nebitgazym — hazynam

13 Dekabr 2024
138

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň we Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Nebitgazym — hazynam» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa nebitgaz pudagynda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärede hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz we geologiýa pudagynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, bu ugurda öňde durýan wezipeler, täze taslamalar barada giňişleýin gürrüň edildi hem-de ata Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, tanslarda ata Watanymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, zähmet adamlarynyň waspy ýetirildi.

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan».