Resmi habarlar

10 Dekabr 2024
125

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisden hat geldi. Onda: “Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýaap Orany Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Ýaap Oranyň öz üstüne ýüklenilen wezipe borçlaryny ýerine ýetireninde görkezen şahsy ukyp-başarnyklary hem-de tutanýerliligi onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrundaky tagallalarynyň Siziň makullamagyňyza hem-de hormat goýmagyňyza mynasyp boljakdygyna ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçini hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Estoniýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin” diýlip bellenilýär.

***