Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary

5 Ýanwar 2021
1558

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmagyň möhümdigini belleýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, döwlet ösdügiçe, onuň durmuşynda maglumat tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär hem-de sanly ulgamy ählumumy okatmak we bu ugurdaky bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ugry babatda ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy.

Annadursun ÝEGENOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.