Durnukly ösüşiň, eşretli ýaşaýşyň binýady

4 Dekabr 2024
184

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar. Ähli ugurlarda düýpli ilerlemeleri üpjün etmekde Türkmenistanyň Döwlet býujeti möhüm orny eýeleýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda täze Kanunyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Ýylyň baş maliýe resminamasy ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Ol ähli pudaklaryň ykdysady ösüşiniň durnukly depginini saklamaga, şonuň netijesinde halkymyzyň, her bir maşgalanyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.