Ösüşleriň möhüm ugry

4 Ýanwar 2021
1466

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, elektron senagatyny döretmek babatda amala aşyrylýan beýik işler bu günki gün beýik ösüşleriň gazanylmagyna köpugurly şertleri döretdi. Çünki innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ykdysady ösüşleri we ýokary öndürijiligi gazanmaga mümkinçilikleri has-da artdyrdy. Häzirki döwürde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we işjeň peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolýar. Durnukly ösüş maksatlaryny Türkmenistanda durmuşa geçirmekde sanly ulgamlaryň ösdürilmegine wajyp orun degişli edilip, ol durmuş-ykdysady ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we şonuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Konsepsiýada sanly maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary, olary durmuşa geçirmegiň ýollary we gurallary kesgitlenendir. Sanly ykdysadyýet häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň has möhüm bölegine öwrülýär. «Sanlylaşdyrmak» düşünjesi harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiliginiň dolandyrylyşynyň döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegi aňladýar. Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmeginiň binýatlyk sebäbi döwlet dolandyrylyşynyň, maliýe ulgamynyň, lomaý we bölek söwdanyň, jemagat, şahsy we durmuş hyzmatlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Munuň özi, dürli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berýär, işewürlik we telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri döredýär, dünýä bazarlaryna çykmagyň täze ýollaryny açýar.

Aýbölek KÖMEKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.