Goşmaça mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar

29 Noýabr 2024
203

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen 10 aýynda tutuş konsern boýunça 198 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 42 million kub metre barabar mawy ýangyjyň goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň bu döwürde goşmaça alan nebitiniň has köp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde, hasabat döwründe tutuş trest boýunça jemi 447 guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 341-sine derek 396-sy gaýtadan hatara goşuldy. Trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 121,4 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 296,5 göterim berjaý edilmegi öwgä mynasypdyr. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 82 müň 587 tonnadan gowragy «Goturdepe», 63,6 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 52 müň tonna barabary bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär.

«Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzyň ýangyç-energetika ulgamynda iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup, soňky ýyllarda nebit-gazly ýataklary tapmakda we olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda tutumly işleri durmuşa geçirmek bilen birlikde, önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu bolsa, öz gezeginde, konserniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň bellenilen meýilnamalar esasynda gazanýan netijelerinden daşgary goşmaça «gara altyndyr» mawy ýangyç almak bilen, bu binýatlyk ulgamy ählitaraplaýyn ösdürmegiň häzirki we geljek döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýan konsern öz düzüminde esasy we ýardam beriji kärhanalaryň onlarçasyny jemlemek bilen, nebit, tebigy we ugurdaş gaz, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-agtaryş we ulanyş burawlaýşyny, ýangyç geçirijilerini, nebitgaz önümçiliklerini, gaz gysyjy desgalary hem-de gaz bölüji enjamlary gurmak, oturtmak we abadanlaşdyrmak, guýularda ýerasty, düýpli abatlaýyş ýaly işleriň onlarçasyny talabalaýyk ýerine ýetirýär. Şu gaýragoýulmasyz işlerde konserniň ady agzalan trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň çekýän netijeli zähmeti hem aýratyn öwgä mynasypdyr.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.