Mohenjo-daro

4 Ýanwar 2021
3084

Häzirki Pakistanyň Sind welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän arheologik ýadygärligi Mohenjo-daro alymlar tarapyndan Ýer ýüzüniň irki medeniýet gatlagyna degişli edilýär. Ol, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 3300-nji ýyllarda «Harappa medeniýeti» ady bilen belli bolan, häzirki Hindistanyň, Pakistanyň ýerlerinden başlap, günorta Aziýanyň çäklerine çenli ýaýran gadymy ýadygärlikler toplumynyň ilkinji nusgalarynyň we iň ulularynyň biri hasaplanylýar. Mohenjo-daro biziň eýýamymyzdan öňki 2500-nji ýyllarda gurlup, ol gadymy Müsür, Mesopotamiýa ýaly irki medeniýet ojaklary bilen döwürdeşdir. Şäheriň başky atlandyrylyşy näbelli bolup, «merhumlaryň baýyrlygy» diýen manyny berýän Mohenjo-daro ady ýerli halk tarapyndan dakylypdyr diýlip çaklanylýar.

Şäher ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşişi we desgalarynyň gurluşygy boýunça öz döwrüniň ýokary derejeli ösen merkezi bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki XIX asyrda bu ýerlerde ilatyň ýaşaýyş derejesiniň pese düşmegi sebäpli şäher terk edilipdir, ol hakynda, takmynan, 3700 ýyllap maglumat bolmandyr. 1920-nji ýylda bu ýadygärlikler toplumynyň üsti açylyp, arheologik gazuw-agtaryş işleri başlanýar. Mohenjo-daroda dürli wagtlarda, ýagny, 1924 — 1925-nji ýyllarda K.N.Dikşitiň, 1925 — 1926-njy ýyllarda J.Marşalyň, 1930-njy ýyllarda bolsa D.K.Dikşitaryň, Marşalyň ýolbaşçylygynda düýpli barlag işleri alnyp barylýar. Şol gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy şäheriň anyk çyzgysyny dikeltmek we ilatyň ýaşaýyş şertlerini anyklamak başardypdyr. Mohenjo-daro 300 gektara golaý giňişlige ýaýylyp, onda jaýlaryň aglaba bölegi bişen kerpiçden salnypdyr. Şäher «Gala» we «Aşaky şäher» diýen iki bölege bölünipdir. Beýikligi 12 metre ýetýän Galanyň içinde däne saklanýan ammar jaýlary, ýygnak geçirilýän iki sany giň zaly we başga-da birnäçe jemgyýetçilik desgalary bolupdyr. Aşaky şäher bolsa, merkezinde esasy guýy ýerleşen uly bazar meýdançasyndan, kerwensaraýlardan we toplumlaýyn ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolupdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi biri-birinden tapawutly şekilde gurlup, käbirleri iki gatly bolupdyr.