Sanly elektron tölegler ulgamy

4 Ýanwar 2021
1568

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi köpugurly ýol bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap ösen bazar ykdysady şertlerinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümi bolan sanly bank hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy her bir raýatyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Bu ugurda ýaşlara aýratyn ünsüň berilmegi, ilki bilen, dünýä bazarynyň döwrebap talaplaryna laýyklykda, olara ykdysady bilimleriniň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli ýetirmek mümkinçiliginiň bardygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Şonda, ýaşlaryň ykdysady bilimleri öwrenmäge we maglumatlary çalt kabul etmäge bolan ukybynyň öňe çykýandygy guwandyryjy ýagdaý bolup, olaryň alan bilimlerini geljekde uzak möhletli tejribede peýdalanmaga mümkinçiligi artdyrýar.

Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.