Ätiýaçlandyryş ulgamy

20 Noýabr 2024
234

Belli bir ulgamyň tapgyrlaýyn ösüşini kepillendirmek üçin, galyberse-de, adamlaryň dürli tebigy, ykdysady, ekologiýa taýdan zyýanly önümçiliklerden goraglylyk ýagdaýlaryna taýýarlykly bolmaklary üçin ätiýaçlandyryş hökmanydyr. Bu ulgam häzirki wagtda ýurdumyzda gün geçdigi saýyn has-da rowaçlanýar.

Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçýän häzirki şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek döwletiň baş maksady bolup durýar. Geçen döwürde halkyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş derejesini durnukly ösdürmek maksatlaryndan ugur alyndy. Şol sebäpden durnukly ykdysady ösüşi kepillendirýän ätiýaçlandyryş ulgamyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde telekeçilik işiniň ugry hökmünde ätiýaçlandyryşyň esaslary kesgitlenilýär. Şunlukda, ykdysady ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen baglylykda bazar ykdysadyýetine halkara ölçeglerini girizmek babatynda netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň üçin ätiýaçlandyrylyşa bildirilýän islegleriň we talaplaryň mümkin boldugyça doly kanagatlandyrylmagy zerur bolup durýar. Şol sebäpli hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun häzirki wagtda ätiýaçlandyryş işiniň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy geçen ýyllaryň dowamynda adamlary durmuş taýdan goramak maksady bilen emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň birnäçe görnüşini, şol sanda meýletin ätiýaçlandyryşyň ençeme görnüşini işe girizdi we häzirki günde olar netijeli hereket edýär.

Ýörite habarçymyz.