Beýik ösüşleriň nusgasy

19 Noýabr 2024
228

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurluşyk, senagat pudaklary uly ösüşe eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň gurujylyk kuwwaty bu gün haýran galdyryjy üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazanylanlar bolsa has-da begendirýär. Gurluşyk pudagyny ösdürmekde, ilki bilen, senagat pudagy aýratyn orun eýeleýär. Soňky ýyllarda işe girizilen we düýbi tutulan täze kuwwatlyklar milli senagatyň toplumlaýyn ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň esasy wezipeleri özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň paýyny we zähmet öndürijiligini artdyrmakdan hem-de gurluşyk önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny, hilini, gurluşyk işleriniň, umumy toplumyň hyzmatlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ilaty we gurluşyklary ýerli çig malyň esasynda öndürilen ýokary hilli senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredi. Pudagyň kärhanalarynda sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, diwarlyk paneller, timarlaýyş, gidroizolýasiýa materiallary, metal önümleri, aýna, gurnama demir-beton önümleri, keramzit, kaolin we beýleki gurluşyk serişdeleri öndürilýär.

Gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, berkligi, ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, ýük daşamak, söwda, elektroenergetika ýaly beýleki möhüm ugurlarda telekeçiligiň paýy barha artýar. Türkmen telekeçileri döwletiň uly goldawyndan ruhlanyp, işiň täze ugurlaryny, şol sanda elektron senagaty hem özleşdirýärler. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri meşhurlyga eýe bolýar. Uglewodorod, mineral, gidromineral çig mallarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik kuwwaty barha artdyrylýar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli himiki serişdeleriň, şol sanda mineral dökünleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu ugurda ösüşler Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergide hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatda hem öz beýanyny tapdy.

Mahym NIÝAZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy, dosent.