Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

15 Noýabr 2024
210

Öňňin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalarynyň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kataryň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 34-sinden, daşary ýurt kompaniýalarynyň 4-sinden wekiller, ýurdumyzyň edara-kärhanalaryndan hünärmenler, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar işjeň gatnaşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanowyň gutlag sözünden soňra, maslahatda daşary ýurtly alymlaryň, hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň esasy inžener-tehnology I.Zakaria çykyş edip, ýurdumyzda 30 ýyla golaý wagt bäri üstünlikli işläp gelýän bu kompaniýada alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra onlaýn maslahat «Himiýa senagatynyň ösüş ugurlary», «Gazhimiýa senagatynda innowasion tehnologiýalar», «Himiýa we gazhimiýa senagatlarynyň ykdysady we ekologik meseleleri» atly bölümçelerde dowam etdi. Çykyşlarda Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümlere bolan islegi kanagatlandyrmak üçin, olary tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekýär.

Agamyrat ÇARYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw bölüminiň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy.