Ösüşleriň aýdyň ýolunda

1 Ýanwar 2021
1557

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän kuwwatly senagat döwleti hökmünde dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn esasda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrüň talabyndan ugur alnyp Diýarymyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge we häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasynda halk hojalygyny sanlylaşdyrmak işi tapgyrlaýyn üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda degişli ugurlarda ýetilen sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär.

Çarymyrat USSAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.