Nebitgazlylygyň mesgeni

11 Noýabr 2024
261

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känlerini — Ekerem, Gündogar Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer (Günorta Kemer) meýdançalaryny özüne birleşdirýär. Bu önümçilik kärhanasynda hereket edýän guýularyň 182-si bolup, olaryň 153-si nebit önümli we 29-y gaz önümli guýulardyr. nebit önümli guýularyň 28 göterimi çüwdürim we 72 göterimi gazlift usulynda işleýär. Bu müdirligiň çuň ştangaly sorujy usulynda işleýän guýusy ýokdur. Esasan, Keýmir we Akpatlawuk känlerinde gazlift ulgamlarynyň bardygy we Keýmir käninde ýörite gazlift guýulary üçin gaz gysyjy bekediniň gurulmagy bilen baglydyr.

Keýmir gazlift gaz gysyjy desgasy 2013-nji ýylda ulanmaga berildi. Desgada, esasan, nebit bilen bile çykýan ugurdaş gaz toplanyp, soňra gazlift guýulary gerek bolan gaz basyşy bilen üpjün edýär. «Keýmir» NGÇM-de şu ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça meýilnama ortaça 101 göterim ýerine ýetirildi.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.