Baffet «Appledäki» paýnamasyny satmagyny dowam edýär

10 Noýabr 2024
244

«Berkshire Hathaway» «Apple» kompaniýasyndaky özüne degişli bolan paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Baffetiň kompaniýasy «Appeliň» paýnamalarynyň 13 göterimini birinji çärýekde, 50 göterimini bolsa ikinji çärýekde satypdy. Häzirki wagtda Uorren Baffete «Apple» kompaniýasynyň 300 million paýnamasy degişlidir.

Maglumat üçin, «Berkshire Hathaway» kompaniýasynyň pul gory 325 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Taýýarlan: Arslan Babajanow, TDBGI-niň talyby.