Türkmen manadynyň güni bellenildi

3 Noýabr 2024
286

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde, ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly, döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli bank işgärlerine iberen Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr.

Altymyrat MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi.